14-11-2024
185
Türkmen döwlet gurjak teatry festiwalda
Aşgabatda dowam edýän "Gorkut ata" atly halkara kinofestiwalyna Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary hem işjeň gatnaşýar. Olar bu halkara festiwalynyň çäklerinde görkezilýän filmlere tomaşa etmeklik bilen kino sungatyndaky täze döredilen filmler bilen ýakyndan tanyş bolýarlar. Festiwalyň çäklerinde "Türkmenistan" kino-konsert merkezinde türkmen multfilmleriniň görkeziliş dabarasy hem geçirildi. Kino-konsert merkeziniň eýwanynda multfilmlere tomaşa etmäge gelen çagalar üçin gurjak teatrynyň artistleri hem özleriniň gyzykly çykyşlaryny gurnadylar.