30-10-2024
172
Alp-Arslan adyndaky Milli drama teatrynda ýubileý toý toýlandy
30-njy oktýabrda Alp-Arslan adyndaky Milli drama teatrynda Türkmenistanyň halk artisti Döwlet Hanmämmedowyň hem-de teatryň halypa artistleriniň biri Allaberdi Öwezowyň 60 ýaş ýubileý toýy toýlandy. Bu dabara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginden hem-de ýurdumyzyň beýleki teatrlaryndan wekiller gatnaşyp, ýubilýarlara özleriniň gowy arzuwlaryny aýtdylar. Bu dabarada beýleki teatrlar bilen bilelikde Türkmen döwlet gurjak teatry hem gutlag çykyşy bilen çykyş etdi. Çykyş dabara gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşy alyndy.