968
Sahna eseri

«Gopbam towşan»

Çagalar üçin niýetlenen "Gopbam towşan" atly sahna eserinde towşanjygyň özüni tokaý jandarlarynyň arasynda edepsiz, ýaramaz alyp barýanlygy görkezilýär. Ol özünden ejiz tokaý jandarlaryna azar berýär, olary kemsitmek isleýär. Sahna eseriniň dowamynda möjek ýaly uly jandarlar towşanjyga özüňi beýle alyp barmagyň gowy däldigini düşündirýärler. Şeýlelikde, towşanjyk öz eden hereketlerine ökünip, tokaý jandarlary bilen agzybir ýaşamaga başlaýar.