934
Sahna eseri

«Şadyýan sazandarlar»

Bu  gurjak  oýnundaky  waka  uzak  wagtlap  degirmende  işläp,  arkasynda  unly  haltany  çeken  Eşegiň  kalbynda  saz  guralyny  çalmaga, aýdym-saza höwesiniñ  bardygy  aýan  bolan  pursatdan başlanýar. Degirmençi  hojaýyn  oňa  aýdym-saz  öwrenmegi, sazanda  bolmagy  maslahat  berýär. Şondan  soň  eşek  şatlyk  bilen  ses  edip,  şähere  sary  ýola  düşýär. Gurjak  oýny  ýol  bilen  ýöräp  barýarka, eşege  duşan  itiň, pişigiň  we  horazyň  üsti  bilen  has-da  ýaýbaňlanyp, dartgynly  häsiýete  eýe  bolýar. Dünýä  meşhur  erteki  esasynda  goýlan  gurjak  oýny  agzybirligiň, aýdym-sazyň, ruhubelentlige  ýugrulandyr. Oýunuň  uly  terbiýeçilik  ähmiýeti  bar.