spektakl
«Enäniň gadyry»
Bu sahna eseri kiçi ýaşly tomaşaçylar üçin niýetlenip, onda çagalara özleri üçin iň mähriban ynsan bolan enelere hormat goýmaklyk, olaryň çagalary üçin edýän aladalaryna uly söýgi bilen jogap bermeklik ündew edilýär. Sahna eserinde üç sany doganjyklaryň ilkibaşda ejeleriniň diýenlerini etmän, garagollyk edip käýindirişleri, soňra bolsa eden işlerine ökünüşleri beýan edilmek bilen enäniň gadyry belentliklere çykarylýar. Sahna eseriniň awtory Aýna Ataýewa, režissýory Batyr Gurbanow.