843
Sahna eseri

«Asmandan inen ykbal»

Bu sahna eseriniň adyTürkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň "Atda wepa-da bar, sapa-da" atly ajaýyp kitabynyn "Asmandan inen ykbal" diýen bölümi bilen baglanşyklydyr. Sahna eseri çeper fantastika bilen has-da ösdürilendir. Sahna eseriniň baş gahrymany Jennet çagalygyndan türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahal-teke bedewleriniň arasynda bolup, ol bu behişdi bedewlere bolan söýgisi bilen ýaşaýar hem-de ulalyar. Jennet enesinden galan ýetim taýçanagyň ösüp-ulalyp, kemala gelmegi ugrunda kän alada edýär hem-de onuň bilen "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar toparynda çykyş edýär. Il içinde aýdylýan "At - myrat" diýilen atalar sözi bu sahna eseriniň düýp mazmunyny düzüp, eseriň dowamynda ahal-teke bedewlerine bolan yhlasy Jennedi maksat myradyna ýetiryar.