Sahna eseri
«Şadyýan sazandarlar»
Bu gurjak oýnundaky waka uzak wagtlap degirmende işläp, arkasynda unly haltany çeken Eşegiň kalbynda saz guralyny çalmaga, aýdym-saza höwesiniñ bardygy aýan bolan pursatdan başlanýar. Degirmençi hojaýyn oňa aýdym-saz öwrenmegi, sazanda bolmagy maslahat berýär.Şondan soň Eşek şatlyk bilen ses edip, şähere sary ýola düşýär.Gurjak oýny ýol bilen ýöräp barýarka, Eşege duşan Itiň, Pişigiň we Horazyň üsti bilen has-da ýaýbaňlanyp, dartgynly häsiýete eýe bolýar. Dünýä meşhur erteki esasynda goýlan gurjak oýny agzybirligiň, aýdym-sazyň, ruhubelentlige ýugrulandyr. Oýun uly terbiýeçilik ähmiýeti bar.