gülkili sahna
Arşyň mal alan
“Arşyn mal alan” atly aýdym-sazly sahna oýnunda ýaş juwanlar Esger bilen Gülçehranyň söýgüsinden söhbet açylýar. Ýöne olar gapma-garşylyga duçar bolýarlar. Gülçehranyň mülkdar kakasy öz gyzyny esgere bermäge göwnänok. Ol oňa gurpsuz ýigitdir öýdýär. Emma esger beýle däl. Ol özi gözi bilen görüp, sulhy alan gyzyna öýlenmek üçin hilegärlige ýüz urýar. Oýun gitdigiçe dartgynly häsiýete eýe bolýar. Ýöne ahyry hakyky söýgi üstün çykyp dabaralanýar. Bu sahna oýny mylaýym ýumora, şadyýan saza ýugrulandygy üçin has hem özüne çekýär.