spektakl
«Juwan kalbym joşanda»
Oýun bagtyýar ýaşlaryň durmuşyndan söhbet açýar. Ol ulanmaga berlen täze kaşaň jaýyň toý şagalaňyndan başlanýar. Ýaşlaryň söýgüsi, işi, sungaty Maral, Serdar, Pürli, Jahan, Selim, Selbi eje ýaly keşpleriň üsti bilen özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Durmuşda mydama päk söýginiň dabaralanýandygy görkezilýär. Oýun mylaýym ýumora, aýdym-saza ýugrulandygy bilen has hem özüne çekýär. Ýaş ýürekleri päk söýginiň, ýagşylygyň, bagtyýarlygyň dünýäsine alyp barýar.