Sahna eseri
«Çagalyk älemgoşary»
Sahna oýny şadyýan sazyň astynda ýylgyryp duran Güneşiň sahna çykmagy bilen başlanýar. Şeýle hem sahnada “Çagalyk älemgoşar” atly ýazgy görünýär. Ýöne onuň dürli öwşün atýan reňkleri niredekä? Güneş, Ýertudana, Pyrtykal, Gawun, Gurçuk dagylar älemgoşaryň reňkini tapyp, ýerli-ýerinde goýmagyň ugruna çykýarlar. Şadyýanlyga ýugrulan oýun çagalaryň kalbynda gözellige söýgini, bilesigelijiligi oýarýar.