Sahna eseri
"Aşyklar"
Türkmen döwlet gurjak teatrynda täze sahna eserlerini sahnalaşdyrmak bilen bir hatarda, öň sahnalaşdyrylan eserleri gaýtadan dikeltmek işleri hem yzygiderli alnyp barylýar. Gaýtadan dikeldilen şeýle sahna eserleriniň biri hem "Aşyklar" atly sahna eseridir. Bu sahna eseriniň wakasy "Aşyklaryň ýurdunda" bolup geçýär. Eseriň dowamynda Aşyklar birnäçe garşylyklara döz gelip, öz maksat myratlaryna ýetýärler. Durşy bilen aýdym-saza ýugrulan bu sahna eserini tomaşaçylar gyzgyn garşy aldylar. Sahna eserinin režissýory Batyr Gurbanow.