357
Rowayat

Böwenjik

 Bu  oýun “Böwenjik” atly  türkmen  halk  ertekisiniň  esasynda  sahnalaşdyrylandyr. Onda  Böwenjigiň  öňünden  çykan  her  bir  zady  ýuwdup  barşy  we  ahyrynda  onuň  garry  Mamanyň  paýhasyndan  heläk  bolşy  hakynda  gürrüň  berilýär. Oýun ýordum gurluşynyň sadalygy  bilen  turuwbaşdan  özüne  çekýär. Ata-babalarymyzyň  paýhasy, şirin  zybany  bilen  nesilme-nesil  geçip  gelen  erteki  esasynda  döredilen  oýnuň  körpeleri  milli  ruhda  terbiýelemekde  uly  ähmiýeti  bar.