350
351
352
Erteki

Alýaňak

Bu  gurjak  oýnundaky  wakalar  ümmülmez  meýdanda  ýalňyz  biten  ýabany  almanyň – Alýaňagyň  daşynda  bolup  geçýär.     Alýaňaga  hiç  kim  seredip, garaşyk  edenok. Ol  täsin  älemgoşarly,  ýagyş-ýagmyrly  mylaýym  ýaza  garaşýar. Ýabany  Alýaňak  ýazdan  mähir, nur  alyp  ösýär. Onuň  tersine  Hüwi, Towşan, Alagarga, Ýekegapan  ýaly  jandarlar  ýalňyz  Alýaňaga  zähmet  çekip  hemaýat  etmeli  ýerinde  hemaýat  etmän,  özlerini  gödek  alyp  barýarlar. Şeýlelik  bilen  olar  Alýaňagyň  hasylyna  eýe  çykjak  bolýarlar.  Ýogsa-da  zähmetden  gaça  dursaň  kim  miwesini  bersin. Hernä  Alýaňak  Hüwi, Towşan, Alagarga, Ýekegapan  dagy  bilen  deň  bolman, özüniň  ähli  öýke-kinesini  unudyp,  olaryň  öňünde  naz-nygmatly  saçagyny  açýar. Netijede,  erbet  jandarlar  hem  akyla  gelip, bir  saçagyň  başynda  birleşýärler.  “Alýaňak” atly  gurjak  oýnunda  ýürekdeşlik, duýgudaşlyk, agzybirlik  ýaly  häsiýetler  ündelýär.