Maýa Meläýewa 4
Maýa Meläýewa 1981-nji ýylda doglan. Ol heniz kiçijik gyzjagaz mahaly hem sahna çykýan ýaly oýun etmegi, tans edip bökmegi halaýardy. Ol bu oýnuny mekdebe gatnap başlanda-da goýmady. Baýramçylyk dabaralarynda sahna çykyp oýnamagy, tans etmegi gowy görýärdi. Sungata bolan höwesi Maýa Meläýewanyň Aşgabat şäherindäki Türkmen döwlet medeniýet institutyna okuwa girmesine sebäp boldy. Şeýlelik bilen, ol Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Teatr sungaty» fakultetini tamamlap, teatr we kino aktýory kärine eýe boldy. Maýa Meläýewa 2006-njy ýyldan bäri Türkmen döwlet gurjak teatrynda artist bolup, döredijilikli zähmet çekýär. Ol ilkinji günlerden başlap, özüniň aktýerçylyk ussatlygyny görkezmegi başardy. Gurjaklary hereketlendirmek, özboluşly ses bermek bilen tapawutlanyp, sungat äleminde kämillik ýoluna düşdi. Kämilligiň bolsa çägi ýok. Şonuň üçin Maýa Meläýewa diňe bir özi artistlik ussatlygyny kämilleşdirmän, teatrdaky ýaş artistlere hem döredijilik goldawyny berýär. Halypa-şägirtlik ýörelgesine eýerýär. Maýa Meläýewa dürli ýyllarda teatryň sahnasynda goýlan oýunlarda «Balykçy we balyjykda» Tylla balygyň, Kempiriň, «Jüýteniň toýynda» Suraý ýegeniň, «Pişijek miýawlamany nähili öwrendikäde?» Ene pişigiň, «Söýgi bizi halas ederde» Klub işgäriniň, «Söýgi köprüsinde» Jennediň ejesiniň, söwdagär aýalyň «Wah, bu söýgi-däde» Altygözeliň keşplerini ýokary ussatlyk bilen janlandyryp, tomaşaçylaryň arasynda meşhurlyga eýe.