Saparowa Ogulşat 2
Saparowa Ogulşat 1998-nji ýylyñ iyul aýynyň 27-sine Aşgabat şäherinde dogulan. 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Telewideniýe, radio-gepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mawy yşyk» başlangyç hünär okuw mekdebini tamamlady. Ogulşat kakasyndan ylham alyp kiçilikden teatra bolan höwesini ýüze çykarýar. Ogulşat Saparowa 2021-nji ýyldan bäri Türkmen döwlet gurjak teatrynda zähmet çekýär. Hazirki wagta ol Türkmen döwlet gurjak teatrynyň 2-nji derejeli artisti. Ogulşat Romeo-Julieta sahna eserinde hyzmatkäriň,Mauglida Tabaki şagalyň keşbini,mundan başga-da Asmandan inen ykbalda Owazyň ýagny atyň keşbini, Jüýteniň toýynda hurmanyň eltisini, Mobil dünýasinde telefony, Çagaly öý bazarda Gytjany, Wah bu söygidä...de Alakany, Alladinda tansçy gyzy,Aşyklarda Sariýa ýaly keşpleri ýerine ýetirýär.