Gülnar Orazgeldiýewa 7

Gülnar Orazgeldýewa 1979-njy ýylda  Mary  welaýatynyň  Wekilbazar  etrabynyň  “Gökje” daýhan  birleşiginde  eneden  bolýar. Ol  heniz  kiçijik  gyzjagazka  artist  bolmagy  arzuw  edýärdi. Muňa  çagalyga  mahsus  öýderdiler. Ýöne  beýle  däldi. Mekdepde  okan  ýyllary  hem  ol  artistlige  ymtyldy. Aýdym-saz, drama  gurnagyna  işjeň  gatnaşyp  başlady. Şeýlelik  bilen  sungata  söýgi  ony  1996-nji  ýylda, orta  mekdebi tamamlan  badyna, Marynyň Kemine adyndaky  teatryna  getirdi. Gülnaryň  ýaşlygyna  garamazdan, düşbüligi, erjelligi,  yhlasy  hemmeleriň  ünsüni  özüne  çekdi. Gülnar Orazgeldýewa  ilkinji  gezek “Söýmedige  süýkenme” atly  komediýada  baş  keşpleriň  biri  bolan  Aýsemeniň  keşbi  ýerine  ýetirmegi  ynandylar. Ol  bu  keşbi  örboýuna  galdyryp, ilkinji  synagdan  şowly  geçdi. Ýöne  Gülnar  has-da  kämilleşmek  üçin  okamagyň  hem  zerurdygyny  duýýardy. 1999-njy  ýylda  oňa  Türkmen  döwlet  Medeniýet  institutynyň  taetr  fakultetiniň “Drama  we kino aktýory” bölüminiň  talyby  bolmak  miýesser  etdi.

Gülnar Orazgeldýewa  Medeniýet  institutynda  Türkmenistanyň  halk  artisti Ç.Işangulyýew, D.Öräýew, N.Keşikow ýaly halypa  mugallymlardan, artistlerden  tälim  aldy. 2003-nji  ýylda  ol  instituty  tapawutlanan  diplom  bilen tamamlap, Türkmen döwlet gurjak teatrynda artistlik wezipesinde işläp  başlady.

Ol  turuwbaşdan  gurjaklary  hereketlendirip, olara  özboluşly  ses  bermek  bilen, özüniň  artistlik  ussatlygynyň  ýokary  derejesini, kämilligini görkezdi. A.Amanmyradowyň “Garagumdaky şowhun”  oýnunda  Köşegiň, B. Gutlymyradowyň “Böwenjik” oýnunda  Mamanyň, döredijilik  toparynyň “Çagaly  öý  bazar”  oýnunda  Jüýteniň, G.Daňatarowyň “Gurjakgyz” oýnunda Gurjakgyzyň, A. Gurbandurdyýewiň  “Enemiň  Owlajygy” oýnunda Enäniň,        O. Koryhalowyň “Bir  we  Iki” oýnunda  Gazyň, Ene  Pişigiň, Çok-çok  daýzanyň, M. Hudaýberdiýewiň “Akylly  Garga” oýnunda  Gumrynyň, N. Keşikowyň “Japbaklar” oýnunda  Doýduk  baýyň, B. Gutlymyradowyň “Halasgär  Towşan” oýnunda  Towşanyň “Juytenin toyy’’(juytenin) “Asyklar”(Maya)”soygi koprusi”(Maysa monjuk) “Wah bu soygida” (Uzyn kirpik) “Arsin malalan”(hyzmatkar gyz) “Kerwen basynyn ogly”(şa gyzy) G.Kakabayewin “Sakarja geçi”(akylly gyz)

O.Koruhalowa “Bir we iki”(ene pişik glasa dayza şura daýza alyp

baryjynyn)G.Sahetdurdyyew “Uş ýüz tylla” (şa gyz) “külbejik”

(towşan)”Heññamlaryñ hekaýaty”(enaniñ, guşun)G.Danatarowyn

 “saher ertekisi”oýnunda rezisýoryn asistenti bolup A Galandarowyñ  “Aldar köse” oýnunda (Totynyñ) özüne ynanylan

 keşplerini  ussatlyk  bilen  ýokary  derejede örboýuna  galdyryp,  tomaşaçylar  köpçüliginiň  göwnünden  turmagy  başardy.     

Gülnar Orazgedliýewa “Ýaşlyk” teleýaýlymynda  taýýarlanylýan gepleşiklerde, sahnajyklarda  gurjaklar  bilen çykyş edip durýar. Ol ýaş artistlere ussatlygyny kämilleşdirmek  üçin  döredijilik  goldawyny  bermekde  hem  asylly  işleri  alyp  barýar.2017-2021-nji yyllar aralygynda „Bir we iki „(ene pişik.glasa daýza.sura daýza)“kerwenbaşyñ ogly“(şa gyzy)“sakarja geçi“(akylly gyz)“külbejik“(towşanjyk) „Heñ-

ñamlaryn hekaýaty“(guş) ýaly ajaýyp keşpleri döretdi.

Gülnar Orazgeldiýewa  2011-nji ýylda  Türkmenistanyň  Prezidentiniň  “Türkmeniň Altyn  asyry” atly  bäsleşiginiň  ýeňijisi  bolmak  miýesser  etdi.