Akmämmedowa Ogulaý 2
Akmämmedowa Ogulaý Kakamyradowna 2005 nji ýylda Ahal welaýatynda doglan.Ogulaý mekdep döwrinden başlap medini çärelere işjeň gatnaşýardy, onuň teatra artistçylyga bolan höwesi çagalygyndan başlady. 2023 nji ýylda Türkmen döwlet gurjak teatrynda kömekçi artist bolup işe başlaýar. 2025-nji ýylda bolsa özüniň başarnygyny görkezip Türkmen döwlet gurjak teatrynyň 2 nji derejeli artisti boldy. Ol «Çagalyk älemgoşarynda» suwy, «Dam-dam» da syçanjygyň, «Alladin» da tansçy gyzy, «Söýgi bizi halas etder» de Mähriniň keşbini, «Şadyýan sazandarlar» da jyny, «Bezzat towşan» da towşany, «Maşa we aýy» da Maşany, «Wah bu söýgidä...»de lakganyň kesbini, «Mährem ene»de enäniň ogly, «Aşyklar» da Pujanyň keşbini, «Arşyn mal alan» da Asýany, «Maugli» da möjek ene, «Romeo ve Julieta» da Rozalina ýaly ýatda galyjy keşpleri janlandyrýar.