Guwanç Garajaýew 1
Guwanç Garajaýew 1988-nji ýylda Aşgabat şäherinde doglan. 1995-2004-nji ýyllar aralygynda Aşgabat şäheriniň 34-nji orta mekdebini tamamlap orta bilim aldy. Soňra «Özen» bilim merkezinde okap, kompýuter hünäri boýunça üstünlikli tamamlady. Şeýle hem 2014-nji ýylda «Callicat» bilim merkezinde okap kompýuter hünäri boýunça III bölümi üstünlikli tamamlady. 2017-nji ýyldan häzirki wagta çenli Türkmen döwlet gurjak teatrynyň Önümçilik tehniki we radio-ses bölüminiň 1-nji derejeli inženeri wezipesinde işläp gelýär. Ol sahna oýunlaryna ses bermek bilen, teatra degişli radio enjamlarynyň bökdençiz we dogry ulanylmagyna hem-de abzallaryň pugta weuzak wagtlap işlemegini üpjün edýär.