Emir Halmyradow 2
Emir Halmyradow 1999-njy ýylda Aşgabat şäherinde doglan. 2015-nji ýylda kömekçi mekdebi tamamlan. Emir Halmyradow orta bilimi alanyndan soň, 2015-nji ýylda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň Önümçilik tehniki we radio-ses bölüminiň sahna montirleýjisi wezipesinde işe başlaýar. Turuwbaşdan onuň işe bolan ukyby, oňat başarnygy görünýär. Gitdigiçe hünär derejesini kämilleşdirip, yhlasly zähmet çekýär.