Başim Şamyradow 3
Türkmen döwlet gurjak teatrynyň 1-nji derejeli artisti.
Bäşim Şamyradow 1963-nji ýylda doglan. Ol oba mekdebinde okap ýörkä, ilkinji gezek kiçeňräk sahnajykda çykyş etmegi onuň kalbynda ýakymly täsir galdyrýar. Şeýlelik bilen dürli medeni çärelerde hem çykyş edip ugraýar. Onuň kalbynda artist bolmak höwesi mekdep ýyllarynda oýanypdy.
Bäşim Şamyradow 1987-nji ýylda şol wagtky Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynyň (häzirki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry) ýanyndaky 3 ýyllyk drama studiýasyna okuwa girip, ony üstünlikli tamamlaýar.
Bäşim Şamyradow 2006-njy ýyldan bäri Türkmen döwlet gurjak teatrynda işläp gelýär. Ol 1-nji derejeli artist. Ol dürli sahna oýunlarynda - «Ýartygulakda» Möjegiň, Işanyň, «Böwenjikde» Garry babanyň, «Ýeserje towşanda» Garganyň, «Bir towşanjyk bar ekende» Garantganyň, «Tom we Jerride» öý eýesiniň , «Japbaklarda» kazynyň, «Üç öküzde» ak öküziň «Towşanjygyň öýünde» Aýynyň, «Üç jojukda» Möjegiň, «Akylly gargada» Ýolbarsyň, «Söýgi bizi halas ederde» klub işgäriniň, «Jüýteniň toyunda» Töräniň we mollanyň, «Wah, bu söýgüdä-de» Kakabaý çüňkiň, «Hudaýberdi gorkakda» Döwüň keşplerini ýokary ussatlyk bilen döredip, tomaşaçylaryň uly söýgüsine mynasyp boldy. Şeýle-de, ol dürli ýyllarda teleýaýlymlarda, radioýaýlymlarda taýýarlanylan gepleşikleri taýýarlamakda we alyp barmakda, şowhunly sahnalarda, çeper okaýyşlarda çykyş etmekde hem uly işjeňlik görkezdi. Ol birnäçe çeper filmlerde hem surata düşüp, tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp boldy.
Bäşim Şamyradow halypa-şägirtlik ýörelgesine eýerip, ýaş artistler bilen bilelikde döredijilikli işläp gelýär.