Aşyrguly  Isagulyýew 1

Isagulyýew Aşyrguly 1969-njy ýylda Balkan welaýatynyň Bereket şäherinde  doglan. Ol  çagalygynda  surat  çekmegi  gowy  görýärdi. Bu  çagalyk  höwesi  ony, 1985-nji  ýylda Türkmenistanyň şol wagtky Ş.Rustawelli adyndaky  çeperçilik  uçilişesine  okuwa  getirdi. 1997-2002-nji  ýyllar  aralygynda  bolsa, Türkmenistanyň  döwlet  çeperçilik  akademiýasynda  okap, heýkeltaraş  hünärini  ele  aldy.   Isagulyýew Aşyrguly 2011-nji  ýyldan bäri  Türkmen  döwlet  gurjak  teatrynyň  çeper  döredijilik  bölüminiň  gurjak  taýýarlamak  boýunça  suratçy-ussasy  wezipesinde  işleýär. Ol  ilkinji  gezek «Towşanjygyň öýi» atly  sahna  oýnunyň  gurjaklaryny  ýasap, özüniň  ezberligini  görkezip  başlady. Isagulyýew Aşyrguly  dürli  ýyllarda «Arşyn mal alan», «Heňňamlaryň hekaýaty», «Aladdin», «Juwan  kalbym  joşanda», «Bilgirje we  Bilmezejik», «Pişijek  miýawlamany  nähili  öwrendikä?»,  «Bir, iki, üç» ýaly  sahna  oýunlaryň  gurjaklaryny  ýasap, gatnaşmak  bilen  öz  ussatlygyny  görkezdi.