Kerim  Nuryýew 1

Kerim  Nuryýew 1990-njy  ýylda  doglan. Ol  mekdepde  okap  ýörkä, diňe  kinoteatra  gidip, çeper  filmlere  tomaşa  etmegi  däl-de,  Şekillendiriş  sungaty  muzeýine  baryp, suratlara, guralýan  surat  dergilerine  syn  etmegi  hem  gowy  görýärdi. Ony  älemgoşar  ýaly  nur  saçýan  suratlar  has-da  özüne  çekýärdi. Ol  gözelligiň  muşdagydy. Bu  täsin  synçylygy  Kerim  Nuryýewi  Russiýa  federasiýasynyň  Tatarystan  Respublikasyndaky  Kazan  şäheriniň  teatral  uçilişesine  okuwa  getirdi. Soň  bolsa  Ukrainanyň  Harkow  şäherindäki  Dizaýn  we  sungat  döwlet  akademiýasynda  okuwyny  dowam  edip, suratkeş-tehnolog, içki  we  daşky  gurşawyň  dizaýneri  hünärini  ele  aldy. Kerim  Nuryýew  2018-nji  ýyldan  bäri  Türkmen  döwlet  gurjak  teatrynyň suratkeşi  bolup, döredijilikli  zähmet  çekýär. Ol  ýaşlygyna  garamazdan, eýýäm  kämillige  gol  bergen  suratkeşdigini  görkezdi. Hormatly  Prezidentimiz  Gurbanguly  Berdimuhamedowyň  ajaýyp  eserleri  esasynda  goýlan  «Baky  rowaýatlar» atly gurjak  oýnunyň  yşyk  we  dekoratiw-bezeg  işlerini  uly  söýgi  hem-de  ussatlyk  bilen  ýerine  ýetirdi. Şeýle  hem, Kerim  Nuryýew «Bilgirje  we  Bilmezejik», «Basgançagyň  astynda  kim  ýaşaýar?», «Maşa we Aýy», «Aladdin», «Juwan kalbym joşanda», «Garagollaryň ökünji», «Mähekdaş» ýaly  oýunlarynyň  surat we  dekoratiw-bezeg  işlerini  etdi. Onuň  döredijiliginde  milli  öwüşgin, milli  gözellik  öwşün  atyp  görünýär.