Bibitäç Nyýazowa 4
Türkmen döwlet gurjak teatrynyň yokary derejeli artisti
Bibitäç Gutlyýewna Nyýazowa 1967-nji ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda doguldy. Onuň kalbynda sungat älemine bolan höwes çagalyk ýyllarynda döredi. Ol gurjaklaryny edil teatr sahnasynda ýaly oýnatmagy gowy görýärdi. Ol orta mekdebi tamamlandan soňra, 1984-1988-nji ýyllarda Daşkent şäherindäki A.N.Ostrowskiý adyndaky teatral-sungat institutynda bilim alyp kino we drama teatrynyň aktýory hünärine eýe boldy. 1988-1989-njy ýyllarda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde işläp, birnäçe sahna oýunlaryna gatnaşdy. 1989-1997-nji ýyllar aralygynda Türkmen döwlet eksperimental ýaşlar teatr studiýasynda artist wezipesinde işleýär. Bu teatrda işlän döwründe dürli ýurtlarda – Moskwada, Kanadada, Ankarada, Belgiýada geçirilen halkara teatr festiwallaryna gatnaşyp, “Däli Domrul”, “Jan” atly oýunlarda çykyş etmek miýesser edýär.
1997-2000-nji ýyllar aralygynda Türkmen döwlet satira teatrynda işläp, teatryň sahnasynda goýulan gülküli oýunlarda degişmeli keşpleriň birnäçesini döredýär.
2001-2007 –nji ýyllarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda artist wezipesinde işlän döwründe „Gelsene, Täze ýyl!“ „Akpamyk“, „Etme, oglan sen oýun“, „Hazyna“, „Agzybirlik ýylysydyr ojagyň“ ýaly oýunlarda dürli keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.
2007-nji ýyldan şu wagta çenli Türkmen döwlet gurjak teatrynda ýokary derejeli artist wezipesinde döredijilik ýoluny dowam edýär. Kiçi we uly ýaşly tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan Bibitäç Nyýazowa birnäçe keşpleri janlandyrdy. G. Daňatarowyň “Gurjakgyz” oýnunda Aýjemalyň, H. Şirowyň “Ýartygulak” oýnunda Enäniň, G. Daňatarowyň “Söýgi bizi halas eder” oýnunda Tumaryň, döredijilik toparynyň “Jüýteniň toýy” oýnunda Totynyň, döredijilik toparynyň “Çagaly öý bazar” oýnunda Totynyň, G. Daňatarowyň “Gurjakgyz” oýnunda Nabadyň, keşplerini ussatlyk bilen ör boýuna galdyryp, tomaşaçylaryň göwnünden turmagy başardy.