Süleýman Ataýew 5
Süleýman Ataýew 2001-nji ýylda Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň Gämi obasynda doglan, milleti boýunça türkmen.2009-2020-nji ýyllar aralygynda Aşgabat şäheriniň 102-nji orta mekdebini tamamlady. 2022-njy ýylyň sentýabryndan bäri Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik toparynda kömekçi toparyň artisti bolup işleýär. Ol az wagtyň içinde teatryň sahnasynda goýlan oýunlarda –«Iň hezil günde» Ballyjanyň, «Japbaklar» oýnunda Topbagyň, «Jüýteniň toýunda» Ýapyşakgulynyň, «Böwenjikde» oglanjygyň, «Çagalyk älemgoşarynda» Gawunyň keşpleri döredip tomaşyçylarda ýakymly täsir galdyrdy. Şeýle hem degişme sahnalarynda çykyş etmek bilen, şatlyk paýlap gelýär. Ol ýaşlar guramasynyň agzasy. Medeni – köpçülik işlerine işjeň gatnaşýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimize we sungatymyza uly sarpa goýup, öz döredijilik işinde mydama kämillige ymtylýar. Syýasy taýdan sowatly.