Orazjamal Gündogdyýewa 4

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň 2-nji derejeli artisti.


Orazjamal Gündogdyýewa 1951-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Gökje obasynda doglan. 1964-nji ýylda Gökje obasyndaky 7-nji orta mekdebi tamamlaýar. Özüniň zähmet ýoluna Aşgabadyň 1-nji tikinçilik sehiniň tikinçisi bolup başlaýar. Ýöne ol çagalygynda gurjaklara köýnek, don tikip oýnamagy gowy görýärdi. Bu çagalyk oýny onuň hiç ýadyndan çykanokdy. Şonuň üçin Orazjamal Gündogdyýewa 1994-nji ýylda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artisti bolup, işe başlady.
Orazjamal Gündogdyýewa sahna oýunlaryna işjeň gatnaşyp, özüniň ukyp-başarnygyny görkezýär. Ol dürli ýyllarda goýlan oýunlarda: «Üç Jojukda» Nafyň, «Enemiň owlajygynda» Aýbölegiň, «Ýeserje Towşanda» Towşanjygyň, «Gazjagazda» Gazyň, «Sona daýzada» Syçanyň, «Böwenjikde» dalajygyň, «Ýagşylyga ýamanlykda» oglanjygyň, «Jüýteniň toýunda» Alakanyň we Suraý ýegeniň, «Söýgi köprüsinde» Akgy ejäniň we başga-da, birnäçe degişme sahnalarynda çykyş edip, ýatdagalyjy keşplerini döretdi.