01-09-2025
24

Церемония открытия в Туркменском государственном кукольном театре

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli teatrlarynda bolşy ýaly Türkmen döwlet gurjak teatrynda hem täze teatr möwsüminiň açylyş dabarasy boldy. Şol gün teatra gelen tomaşaçylara toý pişmesi hödür edilip, Japbaklar jar çekip, gurjak teatrynyň täze möwsüminiň açylýandygyny yglan etdiler. Teatryň foýesinde ýaýbanlandyrylan baýramçylyk dabaradan son, tomaşaçylar "Mährem ene" atly sahna eserine tomaşa etdiler.