561
Sahna eseri

"Дорогая мама"

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň iň bir naýbaşy sahna eserleriniň biri hem "Mährem ene" atly spektaklydyr. Sahna eseriniň awtory Aýna Ataýewa, režisýory Mekan Jumabaýew. Bu sahna eserinde enesinden jyda düşen Döwi çagasyny atasy bir enäniň eline berýär hem-de süýt deregine gan içirip, çagasyny özi ýaly wagşy edip ýetişdirmegi tabşyrýar. Ene Döwüň çagasyny öz çagalarynyň arasyna goşup, süýt bilen ekläp, mähir bilen saklap mähirli, mylakatly Döwi edip ýetişdirýär. Bu sahnaeseriýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda geçirilen"Mähre doly eneleriň ýüregi" atly döredijilik bäsleşiginde baýrakly oruna mynasyp boldy.