Аннамырат Какагельдиев 5
Annamyrat Kakageldiýew 2000-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynda doglan. 2018-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Sungat studiýasyny tamamlap, Režissura (medeni çäreleri gurnaýjy) hünärini ele aldy. 2022-nji ýylyň ýanwaryndan bäri Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik toparynda kömekçi toparyň artisti bolup işleýär. Ol teatryň sahnasynda goýlan oýunlarda – «Alýaňakda» kirpiniň, «Japbaklarda» Mapbagyň, «Jüýteniň toýunda» sazandanyň, «Serçä öwrülen oglanjykda» synpdaş oglanjygyň, «Bagjykly we bagjyksyzda» Bezzatjanyň keşplerini döredip tomaşyçylarda ýakymly täsir galdyrdy. Ol teatr sahnasynda goýulýan oýunlarda işjeňlik görkezýär. Özüne tabşyrylan keşbe döredijilikli çemeleşýär. Bu babatda halypa artistleriň sargytlaryna eýerýär.
Olaryň iş tejribesini öwrenýär. Annamyrat Kakageldiýew dürli medeni çärelere, baýramçylyk-dabaralara, teatr tarapyndan guralýan döredijilik saparlaryna işjeň gatnaşyp gelýär.
Ol Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň agzasy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimize we sungatymyza uly sarpa goýup, öz döredijilik işinde mydama kämillige ymtylýar.